TÝL ― 2022: «Ahal» utulyşsyz çempion bolan dördünji topar boldy

10:5208.12.2022
0
15227

«Ahal» soňky 13 möwsümde ýeke gezek utulyşsyz Türkmenistanyň çempiony bolan ilkinji topar bolmagy başardy. Ol Ýokary liganyň tutuş taryhynda şeýle başarnygy görkezen dördünji topardyr.

Ilkinji utulyşsyz çempionlyk 2000-nji ýylda hasaba alyndy. Şol möwsümde 20 duşuşygyň 18-sinde ýeňiş gazanyp, 2-sinde deňme-deň oýnan «Köpetdag» çempionlyga ýetipdi. Şondan 8 ýyllyk arakesmeden soňra «Aşgabat» 20 duşuşykda 16 ýeňiş, 4 deňlik bilen çempionlyga ýetdi. 2009-njy ýylda bolsa HTTU 16 duşuşygyň 12-sinde ýeňiş gazanyp, 4-sinde deňme-deň oýnap, Türkmenistanyň çempiony boldy.

«Ahalyň» çempionlygy möwsümiň tamamlanmagyndan ozal, 25-nji tapgyrda yglan edendigini ýatladýarys. Mergen Orazowyň şägirtleri 25 tapgyrda 24 duşuşyk geçirip, 66 utuk bilen çempion boldular. Toparyň öňünde ýene dört duşuşyk bar. Şolarda hem gowy netije görkezip bilse, «Ahal» utugyny 75-e çenli çykaryp biler.

Türkmenistanyň çempionynyň 2023/2024-nji ýyllaryň futbol möwsüminde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň