Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 168 million dollara ýetdi

09:1608.12.2022
0
11192

2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 168 million dollara ýetdi diýip, «Trend» Gruziýanyň milli statistika müdirligine salgylanmak bilen habar berýär.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 152,4 million dollara barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Gruziýadan importy 9,1 million dollara barabar boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň 71,4 göterim, ýagny 15,6 million dollara çenli ýokarlanandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň