Soňky habarlar

Arhiw

Gülşat Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

23:2807.12.2022
0
22416

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamaradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Sierra-Leone Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we özüniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ilçi Alie Badara Kamara halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Sierra-Leone Respublikasynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň uly hormat-sarpa we goldawa mynasyp bolýandygyny belledi. Şeýle-de ol häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini çözmekde uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň ýokary mertebedigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle-de ol ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, giň gerimli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alşyldy. Ilçä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklaryň derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine-de aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda öz işine başlan Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamara iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň