Arhiw

Sahiba Gafarowa Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi

23:1707.12.2022
0
21377

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi. Myhman saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şeýle-de Milli Geňeşiň Mejlisinde Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we bu ýerde dünýä belli türkmen milli halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde hanym Sahiba Gafarowa muzeýiň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda sungat ussatlary çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň