Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

22:5607.12.2022
0
20681
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Aşgabadyň «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň döwletara, şol sanda parlamentleriň derejesindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ýaşlar syýasaty, zenanlaryň meseleleri boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gol çekmäge taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamanyň ähmiýetini nygtady. Bu resminama türkmen-azerbaýjan parlamentara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, iki doganlyk halklaryň medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Soňra duşuşyk iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa iki ýurduň ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, giň mümkinçilikleri barada çykyş etdiler.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permany okaldy.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyna ýokary sylagy gowşurdy we bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öz tarapyndan, iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw berjekdigini nygtady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň