Afrikada azyk howpsuzlygy üçin esasy howp agzaldy

19:1207.12.2022
0
16026
Afrikada azyk howpsuzlygy üçin esasy howp agzaldy
Surat: 1prime.ru

Suwuň ýetmezligi we seýrek ýagynlar Afrikadaky azyk howpsuzlygy üçin iň esasy töwekgelçilikli ýagdaý bolup durýar, bu ukrain krizisi we logistiki zynjyrlaryň bozulmagyna garanyňda, has uly howp diýip, «Omnia Holdings» kompaniýasynyň başlygy Silan Gobalsami «Bloomberg» neşirine beren interýusynda aýtdy. Bu barada «Prime1» neşiri ýazýar.

«Howanyň üýtgemeginiň sarp edijilere, ekologiýa hem-de işewürlige täsiri golaý onýyllykda has-da özüni bildirer» diýip, Gobalsami nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, Günorta Afrika Respublikasynda suw çykaryş infrastrukturasy barha könelişýär, netijede suw üpjünçiligi babatda kynçylyklar döreýär. Mundan başga-da ygal suwlaryny bir ýere toplamak boýunça meseleler hem bar diýip, telekeçi aýdýar.

«Omnia Holdings» günorta-afrikan kompaniýasy Afrika yklymynda oba hojalyk dökünlerini öndüriji iri kärhanalaryň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň