Ortaýer deňzinde 164 bosgun halas edildi

18:5607.12.2022
0
16094
Ortaýer deňzinde 164 bosgun halas edildi
Surat: dw.com

Ortaýer deňzinde geçirilen iki günlük tutum netijesinde bosgunlaryň 164 sanysyny halas etmek başartdy. Rezin gaýykda ýerleşen bosgunlaryň arasynda çagalaryň 50-den gowragy bar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Ýerli edaralaryň maglumatlaryna görä, adamlar ýaramaz howa sebäpli tas heläk bolan eken, sebäbi şeýle howada rezin gaýykda açyk deňizde ýüzmek hatarlydyr.

Häzirki döwre çenli Ortaýer deňzini ýüzüp geçen bosgunlaryň umumy sanynyň 95 müň adama golaýlandygy habar berilýär, olaryň arasynda şu ýyl iki müň töweregi adam ýa-ha pida boldy, ýa-da dereksiz ýitdi. Bu maglumatlar Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite nutugynda getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň