Arhiw

«Microsoft» kompaniýasy «Google» bilen bäsleşmek üçin ykjam goşundy döretmekçi

12:3607.12.2022
0
16257

Amerikanyň «Microsoft» IT-kompaniýasy internet-mahabatyň bazarynda «Googleniň» agalygyny çäklendirmek maksady bilen, täze, aňrybaş derejedäki ykjam goşundy döretmek kararyna geldi diýip, «Seeking Alpha» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Microsoftyň» täze goşundysy tölegli hyzmatyň ähli işini özünde birleşdirer, onda messenjer, gözleg, täzelikler lentasy, ykjam oýunlar we beýlekiler ýerleşer. Şeýtmek bilen, kompaniýa «Google» kompaniýasynyň internet mahabaty bazaryndaky paýyny almakçy bolýar. Bu hyzmatlar kompaniýanyň «Bing» gözleg hyzmatynda hem-de «Teams» messenjerinde elýeterli bolar.

Habara görä, «Microsoft» kompaniýasyny bu başlangyja Russiýanyň 2019-njy ýylda «Yandex Go» goşundysyny işe goýberen «Yandex» kompaniýasy ruhlandyrypdyr. Bu babatda şeýle hem HHR-niň ýüz müňlerçe raýatlarynyň ulanýan «WeChat» messenjeriniň ady agzalýar, bu hytaý messenjeri özüne köpsanly hyzmatlary birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň