Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ligasynda çempionlyk mümkinçilikleri ýene deňleşdi

08:0007.12.2022
0
11175

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 24-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşyklardan soň 60 utukdan toplan «Deňizçi» bilen «Köpetdag» öňdäki orunlary eýeleýärler. «Senagatbank» (50 utuk) topary üçünji orunda ornaşdy.

TFF-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 25-nji tapgyrynyň duşuşyklary sekizinji dekabrda geçiriler: TNGIZT – «Daşoguz», «Milli goşun» – «Ahal», «Senagatbank» – «Deňizçi», «Gümrükçi» – «Köpetdag».

24-nji tapgyryň netijeleri:

TNGIZT – «Milli goşun» – 4:2

«Ahal» – «Senagatbank» – 1:2

«Daşoguz» – «Köpetdag» – 3:10

«Deňizçi» – «Gümrükçi» – 2:5

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň