Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Merw» ýaryşyň autsaýderi bilen bolan duşuşykda utuk ýitirdi

23:4806.12.2022
0
17374

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda üçünji ornuň esasy dalaşgäri hökmünde görkezilýn «Merw» 25-nji tapgyryň ýaryşyň ahyrky basgançagyndaky «Nebitçiniň» böwedine büdredi.

Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşygyň 45-nji minudynda şu möwsümiň iň netijeli futbolçysy Alibek Abdyrahmanow 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, ýer eýelerini hasapda öňe çykaran hem bolsa, «Merw» bu artykmaçlygy 61-nji minuda çenli saklap bildi. Şol minutda Magtymberdi Berenow «Nebitçiniň» deňlik goluny geçirdi. Bu goldan 5 minut soňra «Merwiň» jerime meýdançasyndaky garma-gürmelikde ýerli goragçy Begenç Alamow pökgini öz derwezesine geçirdi. Şeýlelikde, duşuşygyň 88-nji minudyna çenli «Nebitçi» myhmançylykda 2:1 hasabyndaky üstünlik bilen bardy. Ýöne şol minutda Toýly Goçnazarow tapawutlanyp, ýer eýeleriniň hasabyny deňledi.

Duşuşykda «Merw» üçünji pökgini hem geçirip bilerdi. Ýöne möwsümde 21 goly bolan Alibek Abdyrahmanow 90+7-nji minutda özüne ynanylan 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Şeýlelikde, duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Bu deňlikden soň «Merw» utuklaryny 40-a tegeläp, üçünji orundaky ýerini gorady. Tapgyrda «Altyn asyry» kabul etjek «Köpetdag» «Merwden» 5 utuk yzda. «Nebitçi» bolsa utugyny 11-e çykardy.

Türkmenistanyň futbol çempionaty ýene üç tapgyrdan tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň