Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara geçirildi

14:4506.12.2022
0
25243

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly dabaraly çäre geçirildi. Çäre Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy tarapyndan guraldy.

Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünlikleri, Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebit we halkara ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda türkmen bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer jähetleri, onuň taryhy kökleri hem-de onuň häzirki zaman halkara syýasatynda tutýan orny, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä çykmagy, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatdaky başlangyçlarda türkmen bitaraplygyna mahsus bolan ýörelgeleriň aýratyn many-mazmuna eýe bolýandygy barada giňişleýin durlup geçildi. Çäräniň dowamynda institutyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde daşary ýurt dillerinde aýdymlar hem ýaňlandy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan çärede institutyň talyplary dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisini guradylar. Talyplaryň toý saçagyny Merkezi Aziýanyň halklary bilen bir hatarda rus, türk, ispan, nemes, fransuz, amerikan, hytaý, koreý, iňlis, ýapon we hindi halklarynyň hem milli tagamlary we süýjülikleri bezedi.

Dabaraly çärä hormatly myhman hökmünde Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly Il ýaşulusy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, syýasatşynas Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Amangeldi Rahmanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy, Hormatly Il ýaşulusy Amangeldi Orazow dagylar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň