Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar

09:2306.12.2022
0
12031

Bakuda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarow bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Mikaýil Jabbarow özüniň «Twitter» sahypasynda mälim etdi diýip, «Report» habar berýär.

— Türkmenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygymyzda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine ünsi çekdik — diýlip, Jabbarowyň «Twitter» sahypasynda paýlaşylan ýazgyda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň