Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda guş dümewiniň möwjemegi bilen baglylykda, ýerli guş fermasynda 310 müň sany towuk ýok ediler diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanyp, «Belta.by» ýazýar.
Guş dümewiniň ojagy Merkezi Ýaponiýanyň Toehasi şäherinde ýüze çykaryldy. Bu ýurtda guş dümewiniň ýaýramagy bilen bagly ilkinji ýagdaý däl, kesel bilen baglylykda, şu möwsümde Ýaponiýanyň dürli ýerlerinde towuklaryň 3,5 millionyndan gowragy ýok edildi.