DÇ-2022: Braziliýa çärýek finalda Horwatiýa bilen oýnar

10:1306.12.2022
0
27137
DÇ-2022: Braziliýa çärýek finalda Horwatiýa bilen oýnar
Surat: google.com

Braziliýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň 1/8 final tapgyrynda Koreýa Respublikasynda aňsatlyk bilen üstün çykyp, çärýek finala ýollanma aldy. 5-nji dekabrda Dohadaky «974 stadium» stadionynda geçirilen oýun 4:1 hasabynda Braziliýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Titeniň şägirtleri birinji ýarymyň özünde oýnuň ykbalyny çözmegi başardylar. Braziliýanyň düzüminde Žunior (7), Neýmar (13, penalti), Rişarlison (29) we Paketa (36) tapawutlandy. Koreýler bu gollara bary-ýogy bir gezek Paýk Seng Honuň 76-njy minutdaky dürs urgusy bilen jogap gaýtardylar.

Şeýlelikde, Braziliýa DÇ-2022-de çärýek finala çykan altynjy topar boldy. «Pentakampionlar» 1/4 finalda Horwatiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ozal habar berşimiz ýaly, Horwatiýa 1/8 finalda Ýaponiýany penaltiler seriýasy boýunça ýeňlişe sezewar edipdi.

Ýeri gelende bellesek, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Titeniň Koreýa bilen oýnuň ikinji ýarymynda geçiren oýunçy çalşyklarynyň netijesinde toparyň düzüminde Katara gelen 26 futbolçynyň ählisi şu ýaryşda meýdança çykdy. Şunlukda, Braziliýa dünýä çempionatynda 26 oýunçysynyň ählisini meýdança çykaran taryhdaky ilkinji topar boldy.

DÇ-2022-niň 1/8 final tapgyryny 6-njy dekabrda geçiriljek Marokko — Ispaniýa (20:00) we Portugaliýa — Şweýsariýa oýunlar jemlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň