Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

22:2805.12.2022
0
20260
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-amerikan işewürler forumyny geçirmek üçin, amerikan telekeçileriniň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky işewürler gepleşikleriniň üstünlikli geçmegini hem-de iki tarap üçin hem gyzyklanma döredýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmagy arzuw etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, geçen ýyllarda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

— Işewürleriň arasynda söwdada, maýa goýumlarda we netijeli özara hereketleriň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berip, häzirki wagtda biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uly işleri alyp barýan Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň eýeleýän orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde işewürler geňeşiniň agzalary bolan, türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýola goýmaga çemeleşmeler anyklaşdyryldy.

Erik Stýuartyň belleýşi ýaly, açylýan mümkinçilikleri, bilelikde köp ýyllar işlemegiň üstünlikli tejribesini we ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýlaryny nazara alyp, Türkmenistanda amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory hökmünde alyp barýan netijeli işleri üçin Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglygyny, abadançylygy we üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň