Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti amerikan işewürlerini kabul etdi

22:1205.12.2022
0
16829
Türkmenistanyň Prezidenti amerikan işewürlerini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «Niclaus Companies» kompaniýasynyň baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny, şeýle-de «Climate Compass» kompaniýasynyň baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, nobatdaky Türkmen-amerikan işewürler forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlar duşuşmaga wagt tapandygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow amerikan işewürleriniň wekillerini mübärekläp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri we türkmen bazarynda işlemäge bolan islegleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany Aşgabada gelen amerikan telekeçileriniň wekiliýetiniň uly düzümden ybaratdygyny kanagatlanma bilen belläp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilen bilelikdäki işewürler forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde bilelikdäki işewürler geňeşiniň eýeleýän ornuny nygtap, onuň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarta alyp barýan köpýyllyk netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň bu geňeşiň işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de Türkmenistan bilen «Niclaus Companies» kompaniýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy barada bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa Aşgabatda «Golf» klubuny gurmak boýunça iň oňat dünýä tejribesine esaslanan özboluşly taslamany amala aşyrdy.

Duşuşykda «ýaşyl» energetika hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda işlemäge ýöriteleşen «UGT Renewables» kompaniýasynyň işewürler geňeşine goşulmagyny goldady. Döwlet Baştutany Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň onuň bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar, munuň özi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda «Climate Compass» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Amerikan işewürleri mazmunly, giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene bir gezek tassykladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň