Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5905.12.2022
0
26010
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak babatda ýerine ýetirilýän işler, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, bu ekine gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta öndürijileriň döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Häkimler öz hasabatlarynda welaýatlarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişiniň, ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň gözegçilikde saklanylyşy barada-da aýtdylar.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Degişli hasabatlarda gant şugundyrynyň, şalynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigi, şol sanda welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirmek, kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleridir tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de häkimlere welaýatlarda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde welaýatlaryň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul edilip alnan hasyly talabalaýyk saklamak, ýurduň dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmek üçin ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de wise-premýer 2023-nji ýylda pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, bu möwsüme taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde sebitlerde bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, şaly oragynyň, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi barada habar berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň oba hojalyk ulgamynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasylyň talabalaýyk saklanmagyny we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň