Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň täze merkeziniň 1-nji tapgyrynda jemi 336 sany bina we desga ulanmaga berler

17:2405.12.2022
0
25264
Ahalyň täze merkeziniň 1-nji tapgyrynda jemi 336 sany bina we desga ulanmaga berler
Surat: turkmenistan.gov.tm

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda beýan edilişi ýaly, bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy we onuň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda geçiren iş maslahatynda aýdyldy.

Maslahatda degişli hasabatlarda bellenilişi ýaly, bu iri merkeziň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy, 14 sany inženerçilik ulgamy we desgasy gurlup tabşyrylmaga degişlidir. Gurluşygyň barşynda zerur bolan durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň, şol sanda inženerçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar.

Gurluşygyň iki tapgyrynyň dowamynda 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akaba, suwuň derejesini peseldiş ulgamy we lagym geçirijileri, 62,9 kilometr gaz geçirijisi, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlary, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň