Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal-siti» Türkmenistanda we sebitde ilkinji «akylly» şäher bolar

17:1505.12.2022
0
24494

Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde geçiren iş maslahatynda aýdyldy.

Iş maslahatynda: «Bu şäheriň türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde bina edilmegi hem ýöne ýerden däl. Gurluşyk döwründe, ondan soň hem ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezindedir» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu talaplar, ilkinji nobatda, «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolar. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler. Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi ýola goýlar.

Elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalar peýda bolar. Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder.

Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynda bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Baş meýilnama laýyklykda, bu taslamada ýerine ýetirilýän işleriň käbir görnüşleriniň ýurtda ilkinji gezek alnyp baryljakdygy nygtaldy. Hususan-da, welaýat merkezinde suwaryş hem-de ýagyn suwlary toplanyp, olary arassalamak arkaly gaýtadan ulanmak, binalarda gurnalan liftleri merkezleşdirilen görnüşde dolandyrmak, merkeziň içindäki ýollaryň ýanýodalarynda görşi pes adamlar üçin taktil görnüşli ýodalar hem-de welosiped sürüjiler üçin ýörite ýodalar göz öňünde tutulýar.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň hasabatynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary mahalynda, Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy esasynda, bu ýurduň Gýongi welaýatynda bolup, dünýädäki ilkinji «akylly» şäherleriň biri bolan Suwon şäherine barlyp görlendigi habar berildi.

Ahalyň täze merkeziniň, hakykatdan-da, tutuş Merkezi Aziýada we sebitde ilkinji bina edilen «akylly» şäherdigi nygtaldy. Ol ekologik taýdan arassa sebitde ýerleşip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny bütin dünýä äşgär edýän, iň häzirki zaman «akylly» şäheriň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň ýolbaşçysy «akylly» şäherlerde talap edilýän howpsuzlyk, «ýaşyl» şäher, «akylly» ulag ulgamynyň, «akylly» gaz, suw we elektrik ulgamlarynyň hem-de «akylly» şäher hyzmatlarynyň bu şäheriň taslamasynda göz öňünde tutulandygyny belledi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, berilýän yzygiderli goldawlar netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sebitde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýän ilkinji «akylly» şäheriň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň