Arhiw

Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

14:5205.12.2022
0
23423

Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly
kompaniýalaryň wekilleri girdiler.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda «John Deere», «Case», «General Electric», «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary we beýlekiler üstünlikli işleýärler.

Işewürlik maslahatynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, milli obasenagat we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny we beýlekileri ösdürmegiň hem uly geljegi bar. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, foruma gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň