Ärdogan Türkiýäniň gaz merkezi taslamasyna taýýarlyk görüp başlandygyny habar berdi

13:4105.12.2022
0
16248
Ärdogan Türkiýäniň gaz merkezi taslamasyna taýýarlyk görüp başlandygyny habar berdi
Surat: belta.by

Türkiýe gaz paýlaýjy merkez taslamasy boýunça taýýarlyk işlerine başlady. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar.

Ärdogan ýurduň Şanlyurfa şäheriniň ýaşlary bilen duşuşygynda gaz paýlaýjy merkezi döretmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine taýýarlyk bilen eýýäm hünärmenleriň meşgullanýandygyny aýtdy, gürrüň Türkiýäniň çäginde tebigy gazy Ýewropa ýurtlaryna paýlajak merkez barada barýar, ony döretmek Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine degişlidir. Merkez gazyň bahasyny amatly derejede saklamaga mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň