Nýu-Delini gurumly tüsse basdy

13:0905.12.2022
0
15348
Nýu-Delini gurumly tüsse basdy
Surat: news.zerkalo.io

Gurumly tüsse Hindistanyň paýtagtyny basdy, Nýu-Deliniň ýaşaýjylaryna dem almak kynlaşýar.

Howanyň hili «örän ýaramaz» diýilýän derejede saklanýar diýip, «Habar 24» habar berýär. Ol häzir 345 derejede, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bu ugurda 25-lik derejäni howpsuz hasaplaýar. Ýerli ýaşaýjylar ýaramaz howany hatda öýleriň içinde-de duýýandyklaryny aýdýarlar, adamlara dem almak kyn we olaryň bokurdagy agyrýar.

Nýu-Deli dünýäde iň ýaramaz howaly paýtagt şäher hasaplanýar. Bu ýerde her gyşda şeýle kynçylyk döreýär. Ulaglaryň sürüjileri gurumly tüsse sebäpli çyralaryny ýakyp hereket etmeli bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň