Geçen hepde TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 18 million 454 müň dollardan gowrak boldy

11:1105.12.2022
0
16059

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 780 müň manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň