TÝL ― 2022: «Ahal» 900-nji utugyny gazandy

13:0505.12.2022
0
14227

24-nji tapgyrda «Energetigi» myhmançylykda 5:1 hasabynda ýeňen «Ahal» Ýokary ligada gazanan ähli utuklarynyň jemini 902-ä çykardy.

Şeýlelikde, «Ahal» Türkmenisttanyň çempionatynda 900 utuklyk sepgide ýetip bilen bäşinji topar boldy.

Milli çempionatymyzda iň kän utugy bolan topar «Nebitçidir». Çempionatda bir möwsümi hem sypdyrman gelýän Balkanabat şäheriniň topary jemi 1474 utuk toplady. Ikinji orundaky «Merwiň» 1174, üçünjilikdäki «Şagadamyň» bolsa 1120 utugy bar.

Dördünji orundaky «Köpetdag» çempionatda 1011 utuk toplady.

Indi 900 utuklyk sepgide iň ýakyn topar «Altyn asyrdyr». «Aragatnaşykçylaryň» çempionatda 879 utugy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň