Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Energetik» öz antirekordyny gaýtalady

12:3105.12.2022
0
13772

Marynyň «Energetik» futbol topary 24-nji tapgyrda möwsümde öz antirekordyny täzeledi.

Ozal şu möwsümde yzygiderli bäş duşuşykda utulan «Energetigiň» häzirki utulyşly tapgyry alty duşuşyga çykdy.

Iň soňky gezek 18-nji tapgyrda «Aşgabady» ýeňen «Energetik» şondan soň geçiren duşuşyklarynyň ählisinden asgyn geldi. Şeýlelikde, «Energetik» «Nebitçiniň» alty tapgyrlyk utulyşly antirekordyny gaýtalady. Eger topar 25-nji tapgyrda-da utulsa, Ýokary liganyň şu möwsümindäki iň uzyn utulyşly tapgyryň eýesi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň