Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmegiň täze mümkinçilikleri açylýar

17:0002.06.2015
0
2599

Giň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty — 6-njy sentýabry aralygynda geçiriljek Izmir şäherindäki nobatdaky 84-nji halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de indiki ýylyň 23-nji aprelinden 30-njy oktýabry aralygynda “Güller we çagalar” mowzugy bilen geçiriljek “EKSPO-2016 Antaliýa” Bütindünýä botanika sergisine gatnaşar.

Halkara sergiler we işewürlik maslahatlary ýurduň uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini açýar, türkmen önümleriniň dünýä bazarynda mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerledilmegine ýardam edýär. Şu babatda toplanan oňyn tejribe hem-de onuň hemişe baýlaşdyrylyp durulmagy sergilere ýokary derejede taýýarlyk görmäge itergi berer.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň