Soňky habarlar

Arhiw

«AMAKids» akademiýasy iňlis dilinden tölegsiz tanyşlyk okuwlaryny geçirýär

11:4905.12.2022
0
13290

Türkmenistanda iňlis diliniň we intellekt ösüşiniň «AMAKids» akademiýasy 5 — 15 ýaş aralygyndaky çagalary nobatdaky gezek iňlis dili dersi boýunça geçiriljek tölegsiz tanyşlyk okuwlaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Eýýäm ozal hem «AMAKids» akademiýasy dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary üçin iňlis dilinden tölegsiz tanyşlyk okuwlaryny geçiripdi. Bu gezekki geçirilýän sapaklar bolsa haýsydyr bir sebäplere görä geçen gezek ýazylyp bilmedik ýaşlar üçin uly mümkinçilikdir.

Okuwlar 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda günüň ikinji ýarymynda başlanar. Her sapagyň dowamlylygy 30 minut bolar. Sapaklaryň tertibi:

  • 16:00 - 16:30;
  • 16:30 - 17:00;
  • 17:00 - 17:30;
  • 17:30 - 18:00;
  • 18:00 - 18:30.

«AMAKids» akademiýasynyň okadyş usulyýeti iňlis dilini öwrenmegiň iň öňdebaryjy usullary esasynda işlenip düzülendir. Sapaklaryň maksady okuwçylaryň gysga möhletiň dowamynda iňlis dilinde dogry okamak, gepleşip bilmek hem-de hat ýazmak endiklerini öwrenmegini nazarda tutýar. Bu usulyýetleri taýýarlanlar tejribeli usulyýetçiler, iňlisçe suwara gepleýän tejribeli mugallymlardyr. Okuw sapaklarynyň oýun formatyna esaslanýandygy üçin usulyýetiň işlenip düzülmegine dürli ýurtlardan öňdebaryjy game-dizaýnerler hem gatnaşdy we audio materiallara ses bermek üçin bolsa professional aktýorlaryň we diktorlaryň ussatlygyndan peýdalanyldy.

«AMAKids» öwrenijilerine şular ýetirilýär:

  • 100-den gowrak öwrediji oýunlar;
  • Geplemek başarnyklaryny kämilleşdirmke üçin ýörite gepleşik klublary;
  • Öwrenmegiň döwrebap tehnologiýalary — web-gollanma, onlaýn-platforma, elektron sözlük;
  • Onlaýn-meýdança we toparlaýyn ýaryşlar.

«AMAKids» akademiýasynyň iňlis dili dersi boýunça geçirýän tölegsiz tanyşlyk okuwlaryna (+99362) 52 56 38 telefon belgileri boýunça habarlaşyp ýazylmak bolýar.

«AMAKids-iň» hemişelik okuwlaryna (tölegli esasda) ýazylýanlara bolsa okuwlaryň tölegleriniň arzanladyşy hödürlenýär. Okuwlar geçileninden soň, öwrenijilere Halkara nusgasyndaky şahadatnamalar gowşurylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň