Soňky habarlar

Arhiw

Putin geljek hepdede Bişkege barar

11:0005.12.2022
0
10848

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin geljek hepdede Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen barar. Ol Bişkekde geçjek Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň sammitine gatnaşar.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi (ÝAYB) sebitiň agza-ýurtlarynyň milli ykdysadyýetlerini durnukly ösdürmek maksady bilen döredilen halkara bileleşikdir. Oňa Russiýa, Gazagystan, Belarus Respublikasy, Ermenistan we Gyrgyz Respublikasy girýär. Bileleşik resmi taýdan 2015-nji ýylda döredildi. Onuň agza-ýurtlarynyň çägi dünýäniň guryýer böleginiň 14 göterimine golaýyny tutýar, ilatyň umumy sany 200 million töweregidir. Bileleşige gatnaşyjylar erkin söwda syýasatyny alyp barýarlar, munuň üçin gümrük salgytlary, paçlardyr beýleki ýygymlar ýatyryldy. Bu barada «News.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň