Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

10:1805.12.2022
0
18703

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň ähli halkyna Tailandyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň