Soňky habarlar

Arhiw

Latwiýaly hünärmenler «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tejribelerini paýlaşdylar

09:4705.12.2022
0
9860

2022-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda elektron gümrük amallary boýunça latwiýaly hünärmenler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda kabul edildiler. Olar türkmen kärdeşleri bilen gümrük resminamalaryny elektron görnüşde bermek we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly gümrük amallaryny we sanly hyzmatlary kämilleşdirmäge, şeýle hem «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.

Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA 10) çäklerinde geçirilen çäräniň birinji güni «Bir penjire» ulgamynyň işi bilen bagly meselelere bagyşlanyldy. Oňa gümrük işgärleri bilen bilelikde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça hereket edýän Pudagara iş toparyň agzalary hem çagyryldy.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, şeýle-de döwlet edaralary tarapyndan harytlara berilýän rugsat beriş resminamalaryň elektron görnüşde berilmegi boýunça häzirki tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, döwlet edaralary bilen hususy pudagyň arasynda maglumat alyş-çalşy we hyzmatdaşlygy bilen bagly kadalary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we şertnamalaryna aýratyn üns berildi. «Bir penjire» ulgamynyň işini guramak bilen bagly sorag-jogaplar alşyldy.

Çäräniň jemi boýunça bilermenler Türkmenistanda gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin öz tekliplerini berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň