Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda iri metallurgiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär

19:5604.12.2022
0
16229
Türkmenistanda iri metallurgiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
Surat: rusmet.ru

Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri 2022-nji ýylda Türkmenistanyň magdanyny seljermek boýunça işini tamamlady, ýurduň metallurgiýany ösdürmek üçin mümkinçilikleri, şeýle-de baý tebigy gory bar diýip, Russiýanyň söwda boýunça Türkmenistandaky wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

— I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag instituty eýýäm magdan boýunça seljerme geçirdi. Ýurtda geljekde iri metallurgiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýylda 100 müň tonna önüm öndürýän kiçi zawod bar — diýip, Ýelizarow belledi.

Söwda wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda dag-magdan baýlaşdyryjy zawody gurmagyň geljegi juda ýokary. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu taslamanyň üstünde iş alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň