Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

23:2003.12.2022
0
20581

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bu barada degişli Karara gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine halkara maslahatynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat 2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bellenjek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 29-njy mejlisinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarow şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty geçirjekdigini, munuň häzirki geosyýasy şertlerde parahatçylygy berkitmek üçin zerur ädimdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň