Astrahandaky türkmen konsuly Astrahan döwlet uniwersitetiniň wekillerini kabul etdi

20:4203.12.2022
0
30584
Astrahandaky türkmen konsuly Astrahan döwlet uniwersitetiniň wekillerini kabul etdi
Surat: asu.edu.ru

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gölliýew Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektorynyň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Anjelina Fadinany we uniwersitetiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Ýekaterina Şatohinany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda W.N.Tatişewiň adyny göterýän Astrahan döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda bar bolan we ähtimal hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda konsullyk tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýän türkmen talyplarynyň durmuş hem-de medeni uýgunlaşma meselelerine hem garaldy.

Belläp geçsek, Astrahan döwlet uniwersiteti häzirki wagta çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, şeýle hem A.S.Puşkiniň adyndaky türkmen-rus orta mekdebi bilen bilelikdäki Ýol kartasynyň çäginde hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Ýakyn geljekde Nury Gölliýew uniwersitetiň infrastrukturasy bilen tanyşmak we bu ýerde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşmak üçin Astrahan döwlet uniwersiteti baryp görmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň