TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Şagadamdan» üstün çykdy

20:0603.12.2022
0
17462

«Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynda «Şagadamy» ýeňdi.

Aşgabatda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň gollaryny 45-nji minutda Röwşen Halmämmedow, 50-nji minutda Mihail Titow, 59-njy minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. «Şagadamda» bolsa 13-nji minutda Nazar Towakelow, 78-nji minutda Akmämmet Metdäýew tapawutlandy.

Möwsümiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda soňky sekiz ýylyň çempiony «Altyn asyr» 52 utuk bilen ikinji orunda barýar. «Aragatnaşykçylar» häzir «Ahaldan» 11 utu yzda. 31 utukly «Şagadam» bolsa bäşinji orny eýeleýär.

«Şagadam» indiki tapgyrda 7-nji dekabrda «Şagadam» Türkmenbaşy şäherinde «Ahaly» kabul eder. «Altyn asyr» bolsa şol gün «Köpetdag» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň