Soňky habarlar

Arhiw

“Dizaýn – sazlaşyk” atly sergi gözelligiň öz döwri bilen aýakdaş barýandygyny görkezdi

09:0602.06.2015
0
9387

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Dizaýn – sazlaşyk” atly sergi açyldy. Onda bu ýokary okuw mekdebiniň “Dizaýn” kafedrasynyň halypa mugallymlarynyň we talyplaryň işleri görkezildi. Olaryň her birini synlanyňda, her biz zadyň dizaýny döredilende döwrebaplylygyň, şeýle hem täze önümçilik prosesleriniň ulanylýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tükeniksiz aladalary netijesinde gurulýan döwrebap şäherlerdir obalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary we orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet edaralarynyň, sport toplumlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň daşky we içki bezegini jaýyň ulanylýan ugruna häsiýetine görä dürli gurluşyk we bezeg materiallaryny millilik öwüşgini bilen ýerine ýetirmek dizaýn suratkeşligine degişlidir.  Jaýyň içki bezeglerini ýerine ýetirýän dizaýnerler eýýäm döredilen zatlary saýlamaga we düşündirmäge girişmek bilen, bitewi bir daşky gurşaw sazlaşygyny emele getirýär. Söhbet Öwezmyradowyň “Owaz”, Güljemal Ýamadowanyň “Gözellik”, Leýli Azalowanyň “Guw”, Aýnur Annameredowanyň “Gülzaman”, Ogulşirin Rejepowanyň “Tans”, Jeýran Umarowanyň “Ýaşlyk”, “Duýgy”, Güýçmuhammet Gurbanmuhammedowyň “Sport”, Annabibi Öwezowanyň “Taslama”, Enebaý Allaýarowanyň  “Umman dünýäsi” ýaly işleri dürli pudaklaryň edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň içki bezegleri üçin niýetlenip, diwara asylýan görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Elbetde, olary synlan her bir tomaşaçyny ýakymly duýgular gurşap alýar. Gülbahar Amangeldiýewanyň “Syrly gije”, Jeren Ataýewanyň “Bezeg”, Aýbölek Babajanowanyň “Kebelekler”, Mälikguly Goçmyradowyň “Çyra”, Gözel Kütiýewanyň “Şelpe” ýaly bezeg işleri çyra hökmünde döredilip, olarda türkmen milli nagyşlary, şekilleri, täze göwrümleriň görnüşleri peýdalanylýar.  Jemal Lallykowanyň “Sagat”, Ýazjemal Rejepowanyň “Hereket”, Eziz Rahmankulowyň “Sagat”, Gözel Çaryýewanyň “Wagt” ýaly işleri diwarlara asylýan sagat görnüşinde bolup, olara göwrümleri, reňkleri sazlaşykly ulanmagyň nusgasy hökmünde garamak bolar.

Dana Hojamgulyýewanyň “Öýme toplumy”, Jennet Pallykowanyň “Tomus we güýz” ýaly işlerinde bolsa, gelin-gyzlara dokma önümleriniň täze görnüşleri hödürlenilýär. Olarda gadymdan gelýän milli nagyşlar bilen bir hatarda, döwrebap reňk sazlaşygy bar, şekilleriň, matalaryň görnüşleri täzeçe ulanylýar.

Dizaýnerçilik işiniň dürli görnüşleriniň bardygyna garamazdan, olaryň hemmesinde ýeke-täk bir pikiri yzarlamak mümkin, ýagny gözellik öz döwri bilen aýakdaş gitmeli we tehniki progresden öňde bolmaly. Muňa “Dizaýn – sazlaşyk” atly serginiň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň