Soňky habarlar

Arhiw

Psiholog erkek kişiniň maşgaladaky esasy borçlaryny sanady

12:3903.12.2022
0
32312

Erkek kişiniň maşgaladaky esasy borçlary maşgalanyň üpjünçiligi, maliýe howpsuzlygy, şeýle-de çagalaryň terbiýesinden ybaratdyr diýip, russiýaly psiholog-lukman Aleksandr Şahow aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, erkek kişiler öýlenenlerinde özlerinden ýanýoldaşlarynyň nämä garaşýandyklaryna düşünip barmaýarlar.

Şonuň üçin hünärmen: «Mynasyp durmuş üpjünçiligi, maliýe howpsuzlygy erkek kişileriň iň esasy borçlary bolmalydyr. Nirede ýaşamaly, öýi nädip satyn almaly, bu meseleleri erkek kişi çözmelidir» diýýär.

Şeýle-de maşgalabaşy öz maşgalasynyň fiziki we psihologiki taýdan goragly bolmagy üçin hem jogapkärdir.

Lukman erkek kişiniň çagalaryň terbiýesi babatda-da aýaly bilen deň jogapkärçilik çekýändigini hem-de onuň zenan psihologiýasyna düşünmeginiň maşgalanyň berkliginiň esasy girewidigini hem nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň