Arhiw

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine baryp gördi

12:2503.12.2022
0
24235

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusiýa Uaýldyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Mary welaýatynda saparda boldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Bu çäre Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy. Onuň dowamynda hanym Lýusiýa Uaýld Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine baryp, ol ýerde talyplar bilen daşky gurşawy goramak, ekologiýa medeniýeti, «ýaşyl ykdysadyýetiň» we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk barada okuw sapagyny geçirdi.

Hanym Lýusiýa Uaýld çykyşynyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan milli syýasatynyň bu ugurda kabul edilen halkara kadalaryna laýyk gelýändigini nygtady. Şeýle hem ol bu ugurda Beýik Britaniýanyň Türkmenistan üçin ygtybarly hyzmatdaşdygyny belläp, Serdar Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda Glazgoda geçirilen COP-26 sammitinde eden çykyşyna ýokary baha berdi.

Bu çäräniň dowamynda ýörite sergi guraldy. Sergide orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Göwher Hydyrowanyň «Zenan dünýäsi we tebigat» atly suratlar toplumy, mekdebiň «Çeper eller» gurnagynyň agzalary tarapyndan taýýarlanan milli el işleri we lybaslary görkezildi. Mundan başga-da, bu ýerde milli aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.

Surat: Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi web saytyndan

Hanym Lýusiýa Uaýld bu bilim ojagynda iňlis dilinden geçirilen okuw sapagyna gatnaşyp, başlangyç synp okuwçylaryna bu diliň öwrediliş usulyýeti bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň