Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Nebitçi» öz meýdanynda «Köpetdagdan» utuldy

23:5702.12.2022
0
10491

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynda «Nebitçi» öz meýdanynda «Köpetdagdan» 1:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirildi.

Duşuşygyň 71-nji minudynda «Köpetdag» ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. 73-nji minutda «Nebitçi» Abdymuhammet Begenjowyň tapawutlanmagynda hasaby deňlän hem bolsa, 87-nji minutda ýarym goragçy Begenç Akmämmedow «Köpetdagy» ikinji gezek hasapda öňe çykardy we arzyly ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy.

Indi dördünji orundaky «Köpetdagda» 35, sekizinji orundaky «Nebitçide» bolsa 10 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň