Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Portugaliýanyň üstünden gazanylan ýeňiş Koreýany pleý-off tapgyryna çykardy

23:5502.12.2022
0
13476

Koreýa Respublikasy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Portugaliýany ýeňlişe sezewar etdi. Er-Raýýan şäherindäki «Edýukeýşn Siti» stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda Koreýa Respublikasynyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň 5-nji minutynda Rikardu Ortanyň goly bilen Portugaliýa hasapda öňe saýlandy. 27-nji minutda Kim Ýon Gwon özüniň dürs urgusy bilen hasaby deňlän bolsa, 90+1-nji minutda Hwan Hi Çan Koreýa Respublikasyna ýeňiş getiren topy derwezä ýollady.

Ýeňlişe garamazdan, 6 utuk toplan Portugaliýa öz toparçasynda birinji orun bilen pleý-off tapgyryna ýollanma aldy. Ikinji orun 4 utuk gazanan Koreýa Respublikasyna nesip etdi. Edil şonça utuk toplan Urugwaý hem-de 3 utugy bolan Gana bolsa 1/8 finaldan binesip galdy. Utuklaryň deňdigine seretmezden, Koreýa Respublikasy uran gollarynyň sanynyň köpdüginiň hasabyna Urugwaýdan öňe geçmegi başardy.

Şeýlelikde, 3-nji dekabrda badalga aljak DÇ-2022-niň pleý-off tapgyrynda Aziýa yklymyna 3 döwlet — Awstraliýa, Koreýa Respublikasy hem-de Ýaponiýa wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň