Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň ştab-kwartirasynda Gandiniň heýkeli açylar

10:2203.12.2022
0
14777
BMG-niň ştab-kwartirasynda Gandiniň heýkeli açylar
Surat: report.az

Hindistanyň milli-azat ediş hereketiniň lideri Mahatma Gandiniň (1869-1948) göwre heýkeli 14-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky jaýynda açylar. Açylyş dabarasyna Hindistanyň DIM-niň başlygy Subramaniýam Jaýşankar we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşarlar.

Bu barada «Press Trust of India» habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Geçen penşenbede Hindistan Howpsuzlyk Geňeşinde başlyklygy kabul etdi. Ýadygärlik Jaýşankaryň BMG-ä saparyna gabatlanyp açylar.

Heýkeliň hindi heýkeltaraşy Ram Sutar tarapyndan ýasalandygy habar berilýär, ol öň dünýäde iň uly heýkel bolan «Bitewilik heýkeliniň» (182 metr) üstünde işläpdi, onda belli hindi syýasatçysy we milli-azat ediş hereketiniň wekili Wallabhai Pateliň keşbi şekilllendirilipdi. Ýadygärlik ýurduň Gujarat ştatynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň