Soňky habarlar

Arhiw

«Demirýollary» AGPJ Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň degişli Ylalaşygyna goşular

23:4202.12.2022
0
15450

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşyna görä, demir ýollar arkaly konteýnerli daşamalarda üstaşyr ýükleriň möçberlerini artdyrmak, bäsdeş nyrhlary düzgünleşdirmek, amatly logistikany ýola goýmak maksady bilen, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna milli daşaýjy «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň goşulmagynyň maksadalaýykdygy öwrenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal logistikasy we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany pudagy ösdürmek, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde dürli halkara ylalaşyklara goşulmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň