Soňky habarlar

Arhiw

«Bitarap Türkmenistan — ösüş arkaly parahatçylygyň beýik nusgasy» atly halkara maslahat geçiriler

23:1202.12.2022
0
16776

Bu maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu maslahaty Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň işine bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň alymlary, professorlary we işgärleri, BMG-niň we onuň düzümleýin edaralarynyň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşarlar. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergi guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça giň dünýä jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutany wise-premýere öňde boljak iri forumyň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet bermek hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň