Hindistan owradylan tüwiniň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy

15:3502.12.2022
0
18057
Hindistan owradylan tüwiniň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy
Surat: wto.ru

Hindistanyň Söwda we senagat ministrliginiň daşarky söwda boýunça baş edarasynyň maglumatlaryna görä, sentýabryň başynda ýurtda owradylan tüwiniň eksportyna girizilen gadaganlyk ýatyryldy. Bu gadaganlyk öz wagtynda ýurduň içinde oňa bolan nyrhlaryň gymmatlamagynyň öňüni almaga mümkinçilik berdi diýip, TASS ýazýar.

Owradylan tüwi hindi eksportynyň 20 göterimine golaýyny tutýar. Hindistanyň paýyna bu önümiň dünýä söwdasynyň 40 göterimi düşýär.

Sentýabrda bu önümiň daşarky bazarlara çykarylmagyna gadaganlyk girizilmegi şu ýylky ýagyş möwsüminde ygalyň az düşmegi sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň