Soňky habarlar

Arhiw

Italýan dilinden bilim alýan talyplaryň arasynda olimpiada geçirildi

13:3302.12.2022
0
21682

2022-nji ýylyň 14—19-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda onlaýn tertipde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň italýan dilinden bilim alýan talyplarynyň arasynda Açyk Internet olimpiadasy geçirildi.

Her ýokary okuw mekdebinden bäsleşige gatnaşjak talyplaryň sany çäklendirilmedi. Olimpiada iki derejede, ýagny A we B derejelerde geçirildi. A derejede bäsleşige italýan dili hünärinden bilim alýan talyplar gatnaşdylar, B derejede bolsa bu dil bilen gyzyklanýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplary gowy netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

I orny uniwersitetde bu hünär boýunça bilim alýan üçünji ýyl talyplar, ýagny Ýagşysoltan Gelenowa, Mährijemal Gurbanowa, Çeper Parahatowa dagylar eýelediler. II orna ikinji ýyl talyplar Aýgözel Otuzowa, Aýşe Gubataýewa, Bahar Aýdogdyýewa, Gülnabat Akiýewa dagylar mynasyp boldular. III orny bolsa Akjagül Halmyradowa bilen Maýsa Meredowa eýeledi.

Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylan diplom hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň