TÝL ― 2022: Merdan Muhadow «Aşgabatdaky» ýubileý goluny geçirdi

11:3402.12.2022
0
13086

Futbolçy Merdan Muhadow «Aşgabadyň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Şeýlelikde, ol paýtagtyň adybir toparynda milli çempionatda 10 gol geçiren 11-nji futbolçy boldy.

23-nji tapgyrdaky paýtagt derbisinde «Aşgabadyň» «Köpetdag» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, toparyň goluny Merdan Muhadowyň geçirendigini ýatladýarys.

Ol «Aşgabadyň» düzüminde çempionatda 2013-nji ýyldan bäri iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda ilkinji 10-luga girmek üçin ýene biraz tijenmeli bolar. Çünki 10-njy orundaky Şatlyk Gurbanowyň hasabynda 14 gol bar.

Bu sanawyň ilkinji üçlüginde bolsa 31 gol bilen Boris Iwanowyň, 29 gol bilen Elman Tagaýewiň we 22 gol bilen Pirmyrat Gazakowyň atlaryny görýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň