Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda oba saglyk öýi ulanmaga berildi

12:3201.12.2022
0
21456

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde döwrebap oba saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, saglyk öýüniň gurluşygyny welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

30-njy noýabrda açylan täze oba saglyk öýüniň açylyş dabarasyna saglygy goraýyş işgärleri bilen birlikde, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli oba ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden ýaşuly nesliň wekilleri, saglyk ulgamynyň işgärleri, oba adamlary ýurtda amala aşyrylýan tutumly işler, ýetilen belent sepgitler, halkyň sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar hakynda buýsançly gürrüň etdiler.

Açylyş dabarasynda saglyk öýüni bina etmekde aýratyn tapawutlanan gurluşykçylaryň birnäçesine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soňra welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edilip, dili senaly ýaşulularyň ak pata bermeginde toý bagy kesildi. Il sylagly ýaşulular oba saglyk öýüniň binasynyň otaglaryna aýlanyp, onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyş boldular.

Saglyk öýünde gatnawly bejergi alynýan, sanjym edilýän, em edilýän, barlaghana, rentgen, ultrases barlagy, şeýle hem akuşer-ginekologyň, diş lukmanynyň otaglary, dermanhana bolup, olar ösen döwletlerde öndürilen iň kämil, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir.

Agzalan habarda aýdylyşy ýaly, oba ilaty döwrebap saglyk öýünde hepdäniň belli günlerinde etrap hassahanasynyň akuşer-ginekolog, ultrases barlagy, rentgenolog, diş lukmanlarynyň hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler. Bu ýerde lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we doganlarynyň hem-de tehniki we hyzmat ediş işgärleriniň işlemekleri üçin ýokary amatlykly iş şertleri döredilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň