Soňky habarlar

Arhiw

HHR-niň öňki Başlygy Szýan Szemin aradan çykdy

20:0630.11.2022
0
11912
HHR-niň öňki Başlygy Szýan Szemin aradan çykdy
Surat: Xinhua

30-njy noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň öňki Başlygy Szýan Szemin 96 ýaşynda aradan çykdy diýip, bu barada ýurduň Merkezi telewideniýesi habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Onuň ölümine leýkemiýa keseli we içki agzalarynyň işiniň ýaramazlaşmagy sebäp boldy.

Szýan Szemin 1926-njy ýylyň 17-nji awgustynda Szýansy ülkesiniň Ýançžou şäherinde doguldy. 1946-njy ýylda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň agzalygyna girdi, Szýaotun uniwersitetiniň elektrotehnika fakultetini tamamlady.

1980-nji ýyldan başlap import-eksport gözegçiligi we daşary maýa goýumlary boýunça döwlet komitetlerinde ýolbaşçy wezipelerde işledi.1985-nji ýylda Şanhaýyň häkimi, 1993-nji ýylyň 27-nji martyndan başlap, HHR-niň Başlygy boldy. Ol Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürenleriň biridi.

Szýan Szemin 2019-njy ýyldan bäri köpçülikde görünmeýärdi. Onuň saglygynyň ýaramazlaşýandygy baradaky myş-myşlar Hytaýyň Kompartiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärelere gatnaşmanyndan soňra has-da artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň