Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hökümeti Hytaýa gynanç bildirdi

21:5630.11.2022
0
15804

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we bu ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Ol durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanan we halkara giňişlikde ýurduň at-abraýyny belende galdyran, maksada okgunly ýolbaşçy hökmünde hytaý halkynyň taryhyna girdi — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine HHR-iň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Szýan Szeminiň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Hytaý dünýäniň örän ýokary ösüş depgini bolan öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Szýan Szemin baradaky ýagşy ýatlama biziň kalplarymyzda ebedilik galar — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy hatynda belleýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň