Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 11-nji mejlisi geçirildi

20:5830.11.2022
0
20030
Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 11-nji mejlisi geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Zähmet we ykdysadyýet Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça Baş direktory Frans Wessig ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Wenada geçirilen toparyň 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabaty diňlediler. Uzakmöhletli meselelere hem ähmiýet berlip, olar mejlisiň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlisiň dowamynda anyk temalar we gurluşyk, infrastruktura, energetika, tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň gyzyklanma bildirýän düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin ýardam bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Awstriýa Respublikasynyň ekologiki taýdan arassa energiýadan peýdalanmak we alternatiw energetiki ulgamlarda uly tejribe toplandygy bellenildi. Türkmen tarapy agzalan ugurlar boýunça awstriýa tarapy bilen tejribe alyşmaga, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini girizmek boýunça awtsriýa tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda ulag-logistika gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredildi we häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda baglaýjy halka bolup durýan halkara Hazarüsti ulag ugry boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada nygtaldy.

Taraplar ylym, medeniýet we bilim ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Toparyň işiniň çäklerinde türkmen-awstriýa işewürler forumynyň hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi we Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekilendigi bellenildi.

Mejlisiň netijesi boýunça Teswirnama gol çekildi. Taraplar 2023-nji ýylda Awstriýada Türkmen-awtsriýa bilelikdäki toparyň 12-nji mejlisini geçirmegi ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň