Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýol hereketini kadalaşdyrmak, ulag ulgamyny döretmek boýunça çäreler görülýär

00:5501.06.2015
2
3421

Aşgabat şäherini toplumlaýyn ösdürmek boýunça iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada ýol hereketini kadalaşdyrmak, döwrebap ulag ulgamyny döretmek boýunça çäreler görülýär. Häzirki wagtda köpgatly awtoduralgalaryň 7-siniň, şeýle hem açyk awtoduralgalaryň 10-synyň gurluşygy alnyp barylýar. Köpgatly awtoduralgalaryň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça halkara bäsleşigi jemlendi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilýär.

Türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň döwrebap keşbini kemala getirmekde işler alnyp barylýar. Täze desgalaryň gurluşygynyň hiline degişli meseleler bilen birlikde, häzirki binalaryň we desgalaryň ulanyş ýagdaýyna hem  yzygiderli gözegçilik etmek wajypdyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň